Serdar Berdimuhamedow: Bitaraplyk üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän janly döredijilik ýagdaýy

  • 13.12.2025 15:00
  • 8.5k+

12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Maslahatlar merkezinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyş etdi. Foruma dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

«Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlisde eden çykyşynda Serdar Berdimuhamedow bu forumyň geçirilmeginiň biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň hem-de ösüşiň hakyky, jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler diýip, döwlet Baştutany aýtdy we ýurdumyzyň bütin dünýädäki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň gazanylan derejesine ýokary baha berýändigini, ony aýawly saklaýandygyny aýratyn nygtady.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilmegini bilelikdäki işiň netijesi diýip atlandyrdy.

"Munuň özi biziň umumy üstünligimizdir. Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň syýasy ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiliginiň, jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň netijesidir" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini belledi. Bu Kanunda Bitaraplyk, deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga, hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, güýç ulanmazlyga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, islendik halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmäge, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga, ençeme beýleki örän möhüm borçnamalara üýtgewsiz eýermek esasy kadalar hökmünde berkidilýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr. Bu mysallar Bitaraplygyň, onuň binýatlyk kadalarynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde barha ähmiýetli we möhüm ýagdaýa öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki zamanyň halkara syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ilerledýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we häzirki şertlerde onuň aýratyn zerurlykdygyna, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, agzalalyklary we çaprazlyklary öz wagtynda gepleşiklere ugrukdyrmaga ýardam bermäge ukyplydygyna ynam bildirdi.


şu gün 12:31
1.8k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
434

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
667

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......