Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady

  • 13.12.2025 12:46
  • 4.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu sylaglar Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy berkitmekde, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny bütin dünýäde goldamakda we wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli berildi.
Şu daşary ýurt raýatlary «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy:

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulgamynda okkupirlenen Palestina çäginde Diwaryň gurluşygy sebäpli ýetirilen zyýanlary hasaba alyş edarasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Wladimir Iwanowiç Gorýaýew,
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan,
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze,
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko,
  • Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo,
  • Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki,
  • «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk,
  • «Buig» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Martin Buig,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, kardiohirurg lukman doktor Maýsner Ýohan Engelbert,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Ortopediýa, fiziki medisina we reabilitasiýa klinikasynyň (Grosshadern kampusy) bölüm ýolbaşçysy doktor Ýanson Folkmar,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň 4-nji lukmançylyk klinikasynyň we poliklinikasynyň (Grosshadern kampusy) direktorynyň orunbasary doktor Parhofer Klaus Georg,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy we wisseral hirurgiýa klinikasynyň baş lukmany doktor Şpelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Dermatologiýa estetikasy we deriniň howply çişleriniň öňüni alyş klinikasynyň lukmany doktor Hoýserman-Mangold Lizl Doris.

şu gün 12:31
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
442

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
668

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......