BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi

  • 13.12.2025 02:47
  • 3.9k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynda bu halkara maslahatyň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň  ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.

SPECA maksatnamasy durnukly ulag ulgamyny döretmegi, söwdany ösdürmegi, Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün teribini durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi hasaplaýar. Bu ugurlar tehniki ugurlardygyna garamazdan, parahatçylygy döretmek, sebitiň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw üpjünçiligi, tehnologiýanyň gazanylanlary babatda özara tejribeleri alyşmak üçin binýady emele getirýär. BMG-niň Baş sekretarynyň orunabasary BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň degişli ugurlarda sebit döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Bellenilişi ýaly, bu düzüm sebit döwletleriniň öz mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklary, abadan, durnukly ösýän we adalatly durmuş gurşawyny döretmek ugrundaky tagallaryna mundan beýläk-de ýardam eder.


şu gün 07:42
539

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......