BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär

  • 13.12.2025 02:41
  • 3.8k+

Aşgabatda geçirilen Halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumda eden çykyşynda aýtdy.

Tatýana Walowaýa şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň goldawy bilen Ženewada parahatçylyk, howpsuzlyk we bitaraplyk meselelerine bagyşlanan duşuşygyň geçirilendigini ýatlady. Bu duşuşyk häzirki döwürde bitaraplyk ýörelgesiniň aýratyn ähmiýetini, esasan-da dialogyň we ynanyşmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen birnäçe möhüm halkara başlangyçlar öňe sürüldi. 
Durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibi — şol bir wagtyň özünde düşünişmezlikleriň esasy sebäplerini çözmäge, parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen ýol kartasydyr.

– Şeýle şertlerde häzirki halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir – diýip, Tatýana Walowaýa sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň geografik ýerleşişi hem-de daşary syýasatda bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylygy onuň Aziýa bilen Ýakyn Gündogary we beýleki sebitleri birleşdirýän aýratyn möhüm ynamly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär.


şu gün 07:42
539

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......