Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy

  • 10.12.2025 11:51
  • 8.1k+

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU) Topragy öwreniş bölüminiň hünärmenleri gögerçinleriň dersinde adam saglygy üçin howply bolan askomiset görnüşli gabartmalary tapdylar. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu mikroorganizmler esasan hem çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda bu görnüşli ýokançlyklaryň döremegine sebäp bolup biler.

Barlagçylar 200-e golaý guşdan alnan ders nusgalaryny seljerdiler. Hususan-da, aşakdaky guşlardan nusgalar alyndy:

  • 48 sany gögümtil-çal gögerçin;
  • 47 sany ýewropa garasary;
  • 38 sany ak dag geçiguşy;
  • 32 sany uly geçiguş;
  • 30 sany öý serçesi.

Netijede, gabartmanyň 9 görnüşine degişli bolan 638 sany ştamm tapawutlandyryldy.
Uniwersitetiň habar bermegine görä, gögerçiniň täze derslerinde Candida spp gabartmasynyň alty görnüşinden bäşisi bar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bu gabartmalary 2022-nji ýylda ilkinji gezek aýratyn howply patogen görnüşleriniň sanawyna goşdy.
Gögerçin dersinde "ähtimal patogen gabartmalarynyň iň köp dürlüsi" bardyr. Howply mikroorganizmler az mukdarda bolsa-da, hatda gury dersde-de saklanýar.

"Patogenler aýakgabyň aşagyna ýapyşyp, ýaşaýyş jaýlaryna, çagalar baglaryna we hassahanalara getirilip bilner" – diýip, Moskwa döwlet uniwersitetinde bellediler.

Alymlar şäher ýerlerinde sinantrop guşlaryň (adamlaryň ýanynda ýaşaýan guşlar) sanyna gözegçilik etmegiň we sanitariýa şertlerini, esasanam oýun meýdançalarynda we hassahanalarda saklamagyň möhümdigini nygtadylar.
Hünärmenler guşlaryň ekskrementlerinden (dersinden) gaça durmagy we elleriň arassaçylygyny berjaý etmegi maslahat berdiler.
Barlagyň netijeleri Birds žurnalynda çap edildi.


26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......