Braziliýa denge keseline garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinany döretdi

  • 10.12.2025 11:36
  • 2.3k+

Braziliýa denge gyzzyrmasyna garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinanyň synaglaryny üstünlikli tamamlap, ony ibermek üçin taýýarlady. Bu derman gaýtadan goýberilmegi talap etmeýär we iň ejiz ýurtlara eltip bermek üçin niýetlenendir diýip, Rio-de-Žaneýro Federal uniwersitetiniň (UFRJ) rektory Robertu Medronýua salgylanýan TASS habar berýär.

Waksina San-Pauludaky Butantan instituty atly lukmançylyk barlag merkeziniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Eýýäm 1 milliondan gowrak doza öndürildi.

"Biz bir komponentli waksina döretdik. Dünýäde häzirki wagta çenli beýle işläp taýýarlama ýok. Indi adamlar ikinji ýa-da üçünji dozalary almak üçin lukmançylyk merkezlerine gaýdyp barmaly bolmazlar" – diýip, Medronýu belledi.

Rektoryň sözlerine görä, Braziliýada entek millionlarça doza öndürmek mümkinçiligi ýok, şonuň üçin bu işde kömek berjek we eltip bermekligi gurajak Hytaý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Denge keseli – XIX asyryň ahyrynda Braziliýada ýüze çykan howply tropiki keseldir. Waksina döredilmezden ozal epidemiýa garşy göreşmegiň ýeke-täk usuly keseli ýaýradýan çybynlaryň ýaşaýan ýerlerini ýok etmekdi. 2024-nji ýylda Braziliýa keseliň güýçli ýaýramagy bilen bagly taryhynda ilkinji gezek denge waksinasiýa kampaniýasyna başlady.


düýn 17:46
1.4k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.5k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......