Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy

  • 06.12.2025 10:52
  • 5k+

Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy. Hazar deňziniň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagy «Gran-pri 2025» atly ýaryşyň 5-nji tapgyryny kabul edýär. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden iň güýçli küştçüler ýygnandy. Erkekler bilen bir hatarda zenanlaryň hem gatnaşmagyna rugsat berilýän açyk topara jemi 95, zenanlar toparyna bolsa 43 küştçi gatnaşýar.

Oýunlar «Seýrana» myhmanhanasynyň giň zalynda geçirilýär, bu ýerde ýaryşa gatnaşyjylar Şweýsariýa ulgamy boýunça 9 tapgyrda bäsleşýärler.
Ilkinji iki tapgyryň netijeleri boýunça mümkin bolan 2 utukdan 2 utuk gazanan açyk toparda 22 küştçi, zenanlar toparynda bolsa 10 küştçi bar.
Açyk toparda Balkan tapgyrynyň esasy bäsdeşleri: Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, halkara sport ussady Karen Grigorýan (FIDE-niň görkezijisi – 2236), Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew (2223) we ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi Şahruh Töräýew (2197).
Zenanlar toparynda milli ýygyndynyň wekili, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Leýla Şöhradowa (2120) esasy bäsdeş hasaplanýar.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Gran-pri tapgyry şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär. Tertipnamada dekabr aýynyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçiriljek final tapgyryna gatnaşjak 16 küştçini saýlamak üçin her welaýatda bäş ýaryşy geçirmek göz öňünde tutulýar. Gran-pri ýaryşlary erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda aýratynlykda geçirilýär.
Küştçüler bäş sany saýlama (welaýat) tapgyryň hersinde utuk gazanýarlar. Iň gowy üç netije jemi hasaba goşulýar, bu bolsa Gran-pri görkezijisinde umumy utuklary emele getirýär. Netijedäki umumy utuklar boýunça finalçylar kesgitlener.
Final ýaryşynyň her topardaky ýeňijileri 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasyna göni ýollanma alarlar, bu bolsa bäsleşigiň her tapgyryny her bir gatnaşyjy üçin aýratyn ähmiýetli edýär.
Dört tapgyrdan soň umumy hasapda açyk toparda Aşgabatdan Amanmuhammet Hommadow (FIDE-niň görkezijisi – 2266) we zenanlar toparynda Türkmenabatdan Gülmira Seýilhanowa (FIDE-niň görkezijisi – 1930) öňdäki orunlary eýeleýärler.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

20.06.2026 01:00
3.5k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......