Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

  • 05.12.2025 17:28
  • 3.3k+

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär.

“Ýukiniň ar alşy” — bu “Billi kastyndanyň” ýedi minutlyk bölümi bolup, býujet we hronometraž sebäpli filmiň soňky wersiýasyndan kesilip aýryldy. Asyl film çykandan 20 ýyl soň režissýor Epic Games bilen birleşip, Fortnite oýnundaky Unreal Engine hereketlendirijisini we gahrymanlaryň modellerini ulanyp, pikiri durmuşa geçirdi.
Tarantino formata şeýle bir haýran galdy welin, indi ol amala aşman galan beýleki pikirleri, şol sanda kellekeserler toparynyň ýolbaşçysy Billiň kemala gelmegine bagyşlanan prikweli üçin hem şu animasiýa stilini göz öňünde tutýar.

"Edil häzir meniň başga işlerim bar, ýöne biz muny edenimizde kellämde tutuş “Billiň kastynda” pikiri bardy, soň filmiň surata düşürilişine bütinleý berildim" – diýip, režissýor aýtdy. – "Billiň gelip çykyşy baradaky pikiri gowy görýän. Ol Billiň nädip Bill bolandygy we Billi döreden üç sany çokundyryjy atasy: Esteban Wihaýo, Paý Meýe we Hattori Hanzo barada waka. Munuň üçin ömrüm ýetermikä? Görübererisdä".

“Billiň kastynda” dulogiýasy režissýoryň iň tanalýan eserleriniň biri bolmagynda galýar, ýöne esasy ýaramaz gahrymanynyň geçmişi entek doly açylmandyr.
5-nji dekabrdan başlap ABŞ-da, Kanadada we Angliýada kinoteatrlar “Ýukiniň ar alşy” we “Billiň kastynda” filmleriniň iki bölegini-de yzly-yzyna görkezer. Giňeldilen wersiýasy “Billiň kastynda: Tutuş ganly waka” (Kill Bill: The Whole Bloody Affair) diýip atlandyryldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....