“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

  • 05.12.2025 12:00
  • 3.6k+

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar.

Mundan ozal iňlis dilindäki görkezilişleriň arasynda rekord, dört günde 56 million gezek tomaşa edilen “Wensdeý” (Wednesday) serialyna degişli bolup gelýärdi.
Netflix-iň dünýä boýunça ilkinji görkezilişleriniň umumy reýtinginde bu fantastiki şüweleň Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” (Squid Game) taslamasyndan yza galýar. Şol serialyň ikinji möwsümi öňküsi ýaly dünýä rekordyny saklap, çykandan soň dört günüň içinde 68 million tomaşaçy gazanypdy. “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsümi hem gowy netijeleri görkezip, üç günde 60 million gezek tomaşa edildi.
“Juda geň işleriň” bäşinji möwsüminiň ikinji ýarymy 26-njy dekabr gijesinde görkeziler. Serialyň uly finaly 1-nji ýanwarda bolar.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....