Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi

  • 05.12.2025 11:54
  • 3.1k+

Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär.

Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi.
Runway blogy “kinematografik hiliň netijeleri” barada habar berýär. Diňe bir peýzažlaryň, adamlaryň, haýwanlaryň we jisimleriň wizual takyklygyna däl, eýsem hereket edýän obýektleriň fizikasynyň içgin işlenmegine hem üns berilýär. Suwuklyklaryň özüni alyp barşy şeýle bir realistik durmuşa geçirilýär welin, tejribesiz tomaşaçy üçin wideonyň emeli aň arkaly döredilendigini çaklamak hem kyn.
Runway Gen 4.5 hyzmatyň ähli ulanyjylaryna kem-kemden ýaýradylýar. Kompaniýanyň wekilleriniň sözlerine görä, täze model çaltlygy we täsirliligi boýunça öňküden kem bolmaz. Şeýle-de bolsa, ilkinji nobatda wideolardaky obýektleriň özara täsiriniň logikasy bilen baglanyşykly käbir kemçilikler henizem göze ilýär. Runway-yň döredijileri täze modeliň döredilen wideolary düşündirişdäki stilistik talaplara has gowy uýgunlaşdyrýandygyny we has ajaýyp wizual effektleri gazanyp biljekdigini öňe sürýärler.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....