Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler

  • 05.12.2025 10:32
  • 10k+

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Garaşylýan sapar barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşykda habar berdi.

«Indiki hepde biz Prezident Ärdogan bilen bilelikde Aşgabada bararys... Bu döwlet sapary bolar» – diýip, TASS agentligi Baýraktaryň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, saparyň dowamynda tebigy gaz üpjünçiligi ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Ministr Türkmenistandan gaz akymynyň iberilip başlanmagynyň türk we Ýewropa bazarlary üçin möhüm waka bolup durýandygyny belläp geçdi. Ol türkmen gazyny Günorta gaz geçelgesi arkaly Ýewropa daşamak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtady.


şu gün 07:42
853

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......