Tatarystan Türkmenistanda söwda öýüni açmak meýilnamalary barada aýtdy

  • 24.11.2025 11:08
  • 2k+

21-nji noýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.

Duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň amaly meseleleri we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlyklar özara ynamy we bilelikdäki taslamalar üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmaga bolan çemeleşmä esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.
Taraplar söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, ulag-logistika, şeýle hem oba hojalygy, saglygy goraýyş we maglumat tehnologiýalary ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdiler. Aýratyn üns ulag, dokma, farmasewtika senagaty, medeniýet, ylym, bilim, sport we ýaşlar syýasatyndaky mümkinçiliklere berildi.
Saparyň çäklerinde Tatarystanyň wekilleri «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmenenergo» korporasiýasynyň, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler.
Taraplar «Tatneft», «KER-Holding» we Kazan dikuçar zawody ýaly tatar kompaniýalary tarapyndan uly taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Maşyn gurluşygy, energetika we nebit çykaryş pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy. Türkmenistan Merkezi Aziýada «KAMAZ» markaly awtoulaglaryň iň uly sarp edijileriniň biri bolmagynda galýar — tehnikalaryň sany 10 müň birlikden geçýär.
Korobçenko Türkmenistanda Tatarystanyň söwda öýüni açmak meýilnamalary barada habar berdi. Bu 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça 35 million dollara golaý bolan ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Tatarystan wekiliýetiniň başlygy hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň bu görkezijini şu ýylda 50 million dollara ýetirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......