Örän seýrek Audemars Piguet jübi sagady Sotheby's-de auksiona çykarylar

  • 19.11.2025 12:05
  • 2.3k+

Sotheby’s auksion öýi markanyň mälim bolan modelleriniň iň çylşyrymlysy, şahsy kolleksiýada saklanýan örän seýrek Audemars Piguet Grosse Pice jübi sagadyny auksiona çykarar. Important Watches auksiony 2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Nýu-Ýork şäherinde, taryhy Breuer Building binasynda geçer.

Söwdalaşyklardan öň sagatlar, 5-7-nji dekabr aralygynda geçiriljek we kolleksiýanyň dünýä syýahatyny jemlejek Exceptional Discoveries: The Olmsted Complications Collection sergisinde görkeziler. Sergi ozal Ženewada, Gonkongda we Dubaýda görkezilipdi.
Grosse Pice-iň taryhy 1914-nji ýylda, Londonda ýerleşýän Smith & Sons kompaniýasy Audemars Piguet-e günorta amerikaly bir müşderi üçin jübi sagadyny döretmegi tabşyranda başlanypdy. Ony döretmek üçin alty ýyl gerek bolupdy. 1921-nji ýylda sagat ussalary 18 çylşyrymlylygy özünde jemleýän — öz döwrüniň täsirli tehniki üstünligi bolan 80 mm diametrli modeli ýasamagy tamamladylar.
1920-nji ýylda geçirilen Ženewa sergisinden soň, sagat bir asyr töweregi wagtlap kolleksionerleriň gözünden ýitdi. Häzirki wagtda onuň bahasy 500 müň - 1 million dollar aralygynda bahalandyrylýar we ol Audemars Piguet-iň "döredijiliginiň çür başy" hasaplanýar.


22.06.2026 14:49
1.8k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......