Galapagosda alymlar “geçmişe dolanýan” pomidorlary tapdylar

  • 08.11.2025 07:27
  • 5.4k+

Galapagos adalarynda alymlar ters ewolýusiýany görkezýän adaty bolmadyk pomidory – Solanum pennellii görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär.

Bu ösümlik Ekwadoryň kenaryndan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ösýär. Ol alymlaryň ünsüni ilkinji gezek 2024-nji ýylda çekipdir. Barlaglaryň dowamynda käbir pomidorlaryň miwelerinde öň millionlarça ýyl mundan ozal ýitip giden himiki birleşmeleriň – häzirki wagtda baklajanlarda duş gelýän alkaloidleriň täzeden dörändigi anyklanypdyr.
Şeýle hem bu pomidorlar daşky görnüşi boýunça hem tapawutlanýar: olaryň miweleri has goýy gyrmyzy, şahalary bolsa gündogar adalardaky şol bir görnüş bilen deňeşdirilende has garaňky reňkde bolýar.
Kaliforniýa uniwersitetiniň (Riwersaýd) molekulýar biohimigi Adam Ýuzwýagyň pikiriçe, adalardaky daşky gurşaw şertleri ösümligiň “asyl ata-baba aýratynlyklaryna gaýdyp gelmegine” sebäp bolup biler.

«Tebigat diňe öňe tarapa hereket etmeli däl — käwagt yzyna hem dolanyp biler» diýip alym belleýär.

Alymlaryň pikirine görä, bu görnüşiň tohumlary adalaryna bir–iki million ýyl ozal guşlar tarapyndan getirilipdir. Wulkan gelip çykyşly ýaş adalaryň topragy garyp we gurak bolany üçin, ösümlikler öz-özlerini goraýjy maddalary we ýokumly birleşmeleri has köpräk öndürip başlapdyr.
Alymlaryň pikiriçe, şeýle pomidorlary öwrenmek has çydamly oba hojalyk ekinlerini döretmäge, has täsirli pestisidleri taýýarlamaga hem-de täze derman serişdelerini işläp taýýarlamaga ýardam edip biler. Şeýle hem bu açyş dürli görnüşleriň ewolýusiýasyny has çuňňur düşünmäge ýol açýar.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....