ÝUNESKO 15-nji dekabry Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä güni diýip yglan etdi

  • 05.11.2025 11:19
  • 4k+

Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahatynyň çäginde her ýylyň 15-nji dekabrynda Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä gününi belläp geçmek hakynda karar kabul edildi. Bu sene türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy birligini alamatlandyrar.

Başlangyjy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öňe sürdi we giň goldaw tapdy.
Türkiýäniň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Gülnur Aýbet karar bilen guramanyň köpdillilik, medeni dürlüligi we halklar arasyndaky dialogy pugtalandyrmak isleýändigini tassyklady. Ol Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen bilelikde başlangyjy goldaýan 26 döwlete, şol sanda Türkmenistanyň goldawyna hem minnetdarlyk bildirdi.
Dil diňe aragatnaşyk serişdesi däl, eýsem medeniýetiň ruhy, nesillerden nesillere geçýän durmuş tejribesi, akyl-paýhas we özboluşlylygyň goragçysydyr diýip, Aýbet sözüniň üstüne goşdy.
15-nji dekabryň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl. Bu sene 1893-nji ýylda Orhon ýazgylaryny terjime etmekde iş bitiren daniýaly alym W. Tomseniň işleri bilen baglanyşdyryldy. Häzirki wagtda türki dillerinde dünýäde 200 milliondan gowrak adam gepleşýär we olar umumy medeni mirasa eýedirler.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......