Ýapon alymlary meduzanyň täze görnüşini tapdylar we oňa samuraýyň adyny dakdylar

  • 05.11.2025 10:14
  • 3k+

Ýaponiýanyň Sendaý aýlagynda fizaliýa diýlip atlandyrylýan zäherli meduzanyň täze görnüşi tapyldy. Kobalt-gök reňkli bu jandar öz adyny ýerli meşhur samuraý — feodal Date Masamuneniň hormatyna aldy. Täze görnüşe Physalia mikazuki (“ýarymaýly tuwulga geýen adam”) diýlip at berildi. Masamune söweşde ýarymaý bilen bezelen tuwulga geýipdir.

Bu açyş Frontiers in Marine Science žurnalynda neşir edilipdir.
Meduzany ilkinji gezek Tohoku uniwersitetiniň talyp-barlagçysy tötänden görüpdir. Ol meduzany derrew gaba salyp laboratoriýa eltipdir.

Alymlar jandaryň gurluşyny nusgawy fizaliýa görnüşleri bilen deňeşdirip, onuň aýratyn anatomiýa alamatlarynyň barlygyny anykladylar. Mundan öň Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda diňe Physalia utriculus görnüşi belli diýip hasaplanylýardy. DNK synaglary bolsa täze görnüşiň sebitde köpden bäri bardygyny, diňe tanalmandygyny görkezdi.
Ylmyň pikiriçe, Sendaý aýlagynda bu meduzalaryň köpelişi Kurosio akynynyň ýyly suwlary we deňiz ýylylygynyň üýtgemeleri bilen baglanyşykly bolup biler.
Alymlar kenarýaka suwlaryna ünsli gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtaýarlar, fizaliýanyň tutujy ösüntgeleri birnäçe metre çenli uzap bilýär we onuň dişlemesi güýçli agyry döredýär. Yzygiderli gözegçilik diňe dynç alyjylary goramak bilen çäklenmän, deňiz ekoulgamlarynda barýan üýtgeşmeleri has gowy düşünmäge hem ýardam edýär.


düýn 16:26
2.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.7k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......