CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi

  • 04.11.2025 20:43
  • 2.7k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň çäklerinde B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da,

  • Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «KHD Humboldt Wedag International AG» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Zippe Industrieanlagen GmbH» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «WUHUAN Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «China CAMC Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda bug-gazan utilizator enjamyny getirmek we çalşyrmak işlerini ýerine ýetirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Invatix Solutions FZ-LLC» kompaniýasynyň (Birleşen Arap Emirlikleri) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda howa elektrik geçirijilerinde buzuň emele gelmeginiň öňüni almak üçin enjamlary üpjün etmek taslamasy boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....