Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular

  • 04.11.2025 18:55
  • 7.5k+

Beýik Britaniýada fermerler Hellouini şeýle bir uly gerimde bellediler welin, hatda kädilerden we kabaçoklardan Black Sabbath toparynyň lideri, sazanda Ozzi Osbornyň ägirt portretini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Mozaika 212 inedördül metr meýdany eýeledi, bu, takmynan, tennis meýdançasynyň ululygyna barabardyr.

Rekord Sautgemptondaky Sunnyfields fermasynda hasaba alyndy. Portretiň açylyş dabarasyna rowaýata öwrülen “Garaňkylygyň şazadasynyň” maşgalasy hem gatnaşdy.
Osborn şu ýylyň 22-nji iýulynda aradan çykdy. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda Parkinson keseli bilen göreşip, oňurgasynda ençeme gezek operasiýa geçirdi. Saglyk bilen bagly nogsanlyklaryna garamazdan, ol 2025-nji ýylyň 5-nji iýulynda “Back to the Beginning” hoşlaşyk konserti bilen sahna çykdy. 


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....