Mercedes-Benz dünýäde iň güýçli 13 kg-lyk elektrik hereketlendirijisini taýýarlady

  • 29.10.2025 09:27
  • 4.6k+

Mercedes-Benz-iň Britaniýadaky şahamçasy YASA Group täze nesil aksial elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Bu görnüşli hereketlendirijiler okunyň ugrunda aýlanýandygy üçin has ykjam bolýar we elektrikli awtoulaglar üçin amatly hasaplanylýar diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Agramy bary-ýogy 12,7 kg bolan täze hereketlendiriji iň ýokary ýagdaýynda 1000 at güýjüni öndürýär. Bu YASA-nyň ozalky modellerinden 40% güýçli görkezijidir.

Rekord kuwwatlylyk
Täze hereketlendirijiniň kuwwatlylyk dykyzlygy 59 kWt/kg, bu bolsa häzirki wagtda dünýä boýunça rekord hasaplanýar.
Mysal üçin, YASA şu ýylyň iýul aýynda 13,1 kg agramly we 42 kWt/kg kuwwatlylygyň hereketlendirijisini görkezen-de, ol öňden bäsdeşlerinden ep-esli güýçli hasaplanylypdy. Täze model bolsa ondanam birnäçe basgançak ýokary boldy.

Tehniki aýratynlyklar:

  • Üznüksiz kuwwaty: 350–400 kWt (≈ 470–536 at güýji)
  • Ýokary çägi: 750 kWt (≈ 1000+ at güýji)
  • Kuwwatlylyk dykyzlygy: 59 kWt/kg (rekord)

Hatda üznüksiz işleýän ýagdaýynda hem täze hereketlendiriji bäsdeşlerinden öňe geçýär.

“Ekzotik materiallar” ýok
YASA-nyň belleýşi ýaly, bu motory döretmekde gymmat bahaly ýa-da seýrek tapylýan materiallar ulanylmady. Netije:

  • önümçilik Ýewropada elýeterli bolýar,
  • daşary ýurtlardan gelen seýrek metallara garaşlylyk azalýar,
  • bahalary durnukly saklamaga mümkinçilik döredilýär.

Prototip eýýäm synagdan geçýär, önümçilige bolsa indiki ýylda başlamaklary mümkin.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....