Toyota ýetginjekler üçin iki orunlyk FT-Me elektrik ulagyny hödürledi

  • 25.10.2025 11:28
  • 4.5k+

Toyota kompaniýasy ýetginjekler, täze sürüjiler hem-de eltip bermek hyzmatlary üçin niýetlenen iki orunlyk FT-Me elektrik ulagynyň nusgasyny hödürledi. Bu ulag kwadrisikl görnüşine degişli bolup, käbir ýurtlarda ony 14 ýaşdan başlap sürüp bolýar.

Modeliň önümçiligini Beýik Britaniýada döwletiň goldawy bilen ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu taslama 2035-nji ýyla çenli benzin we dizel bilen işleýän ulaglary önümçilikden çykarmak boýunça meýilnama bilen baglanyşyklydyr.
Uzynlygy 2,5 metrdan hem az bolan täze elektrik ulag adaty awtoduralga ýeriniň bary-ýogy ýarysyny tutýar. Ony öndürmekde gaýtadan işlenen materiallar ulanylypdyr, netijede onuň uglerod zyňyndylary adaty şäher ulaglary bilen deňeşdirilende 90% pesdir. Ulagyň depesine gurlan gün paneli gündelik ýöriş ätiýajyndaky aralygy goşmaça ýene 30 kilometre çenli artdyrýar.
Toyota FT-Me modelini şäher ekologiýasyny gowulandyrmak we gündelik sürüşi has amatly etmek ugrunda ädilen möhüm ädim hökmünde görýär. Ulagyň synaglary ýakyn wagtda başlar. Çäkli önümçilik 2026-njy ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär, 2027-nji ýylda bolsa ol köpçülikleýin öndürilip başlanar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......