Hytaý platina we käbir harytlar hem hyzmatlar üçin salgyt ýeňilliklerini ýatyrýar

  • 24.10.2025 09:50
  • 2.2k+

Hytaý 1-nji noýabrdan platina we beýleki käbir harytlar hem hyzmatlar üçin salgyt ýeňilliklerini ýatyrýar. Bloomberg-iň HHR-iň Maliýe ministrligine salgylanyp habar bermegine görä, indi ýurduň içinde öndürilen we import edilýän platinanyň satuwyndan, şeýle-de platinadan ýasalan zergärlik önümleriniň importyndan goşulan baha üçin salgyt (GBS) alnar.

Platina üçin salgyt ýeňillikleri 2003-nji ýyldan bäri hereket edýärdi. Olary ýatyrmak baradaky çözgüt Hytaýyň energetika syýasatynda esasy ugurlaryň biri hasaplanýan ýel energetikasyny goldamak üçin serişdeleri gözlemek boýunça tagallalaryň biri hökmünde görülýär.
Munuň bilen bir wagtda ýurtda deňiz ýel elektrostansiýalarynda ulanylýan önümler üçin GBS boýunça 50 göterim arzanladyş girizilýär. Bu çäre indiki aý hereket edip başlar we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder.
Mundan başga-da, almazlar bilen işlemek, kömür gatlaklaryndan metan gazyp almak we howa gämilerine hyzmat etmek üçin ýeňillikler ýatyrylýar.
Habaryň esasynda duşenbe güni platinanyň bahasy 3%-den gowrak pese düşdi. Bu ABŞ bilen Hytaýyň arasynda söwda dartgynlylygynyň gowşamagy bilen baglylykda gymmat bahaly metallaryň bahasynyň umumy pese gaçyşy bilen hem baglanyşyklydyr.
Bloomberg Intelligence-iň maglumatlaryna görä, katalitik bitaraplaşdyryjylarda we barlaghana abzallarynda ulanylýan platina bolan hyrydarlyk onýyllygyň ahyryna çenli hödürlemeden ýokary bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, artýan isleg we çäkli ätiýaçlyklar metalyň ýetmezçiligini hasam güýçlendirýär, Londondaky banklar we Hytaýdaky hem ABŞ-daky alyjylar bolsa onuň üpjünçiligi ugrunda bäsleşýär.
Platina şu ýyl çig mal harytlarynyň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar, ol tas 74% gymmatlady. 


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.7k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......