Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň täze bellenilen ilçisini kabul etdi

  • 23.10.2025 10:25
  • 2k+

22-nji oktýabrda Hindistanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.

Diplomat Türkmenistanda Hindistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow Bandaru Wilsonbabuny ýokary diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.
Medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz hindi dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlarymyzyň sanynyň barha artýandygyny, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny aýdyp, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýändigini nygtady.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......