Xiaomi Nýurburgring ýolunda täze YU7 GT elektrokrossoweriniň soňky synagyny geçirýär

  • 23.10.2025 10:07
  • 1.7k+

Xiaomi kompaniýasy meşhur Nýurburgring ýolunda täze YU7 GT elektrik krossoweriniň soňky synaglaryny geçirýär. Ulagyň prototipi doly taýýar kuzowda görkezildi — bu bolsa köpçülikleýin önümçiligiň ýakyn wagtda başlanjakdygyny görkezýär.

YU7 GT Xiaomi-niň Ýewropa bazaryna resmi çykjak ilkinji elektrik ulagy bolar. Modele Tesla Model Y Performance bilen bäsdeş hökmünde garalýar.
Hytaý çeşmeleriniň habaryna görä, täze modeliň iň güýçli wersiýasynyň kuwwaty 1000 at güýjünden geçer. Esasy görnüşi bolan YU7 Max bolsa 681 at güýjüni öndürýän goşa hereketlendiriji ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr we 0–100 km/sag tizlige 3,2 sekuntda çykýar — bu görkeziji Tesla Model Y Performance-den hem çakgan.
Täze krossower Brembo kompaniýasynyň karbon-keramiki tormozlarysport görnüşli aerodinamiki korpus hem-de ýokary öndürijilikli tehnologiýalar bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem Xiaomi Nýurburgring bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi, trassanyň premium hyzmatdaşy boldy we öwrümleriň birine öz adyny dakmak hukugyny gazandy.
Bilermenleriň pikirine görä, YU7 GT güýçli tehnologiýalarynyň, ýokary öndürijiliginiň we sport häsiýetiniň utgaşmagy arkaly ýylyň iň täsirli elektrik krossowerleriniň biri bolmaga mynasypdyr.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....