2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar

  • 23.10.2025 09:54
  • 6k+

2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy italýan moda älemindäki meşhur dizaýner Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar diýip, WWD neşiri habar berýär.

Dabara 6-njy fewralda Milanda “San-Siro” stadionynda we şäheriň beýleki ýerlerinde geçiriler.
“Milano Kortina 2026” gaznasynyň prezidenti we dabarany guraýjylaryň biri Jowanni Malago bu kararyň “Milan we bütin Italiýa üçin dünýä belli moda ussadyny hatyralamak üçin aýratyn mümkinçilik” boljakdygyny belledi.
Dabaranyň jikme-jiklikleri häzirlikçe aýan edilmeýär, emma onuň uly göwrümli tomaşa boljakdygy mälim. Guramaçylar Olimpiýa alawynyň bu gezek bir wagtda iki ýerde ýakyljakdygyny aýtdylar — bu bolsa dabaranyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolar.
Gyşky oýunlaryň ýaryşlary Demirgazyk Italiýanyň dürli sebitlerinde geçiriler.
Şeýle hem, WWD-niň ýazmagyna görä, Giorgio Armani brendi Italiýanyň milli ýygyndysynyň resmi eşik üpjün edijisi bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk Emporio Armani EA7 liniýasy bilen Italiýanyň Sportuň gyşky görnüşleri federasiýasynyň (FISI) arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýar.


21.06.2026 16:13
4.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

28.05.2026 12:35
4.4k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......