Ýaponiýanyň parlamenti täze premýer hökmünde Sanae Takaitini tassyklady – bu wezipede ol ilkinji aýal

  • 21.10.2025 16:24
  • 5k+

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň parlamenti Sanae Takaitini premýer-ministr wezipesine tassyklady. Ol ýakynda dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başyna geçipdi, onuň dalaşgärligini bolsa deputatlaryň aglabasy goldady.

Takaiti Ýaponiýanyň taryhynda hökümet baştutany wezipesinde ilkinji aýal boldy. Onuň ilkinji wezipeleriniň biri täze Ministrler kabinetini düzmek bolar.  
Sanae Takaiti 64 ýaşynda bolup, LDP-niň tejribeli syýasatçylarynyň biridir. Ol 1961-nji ýylda Nara şäherinde syýasat bilen baglanyşygy bolmadyk maşgalada dünýä indi: kakasy awtomobil kompaniýasynda, ejesi polisiýada işleýärdi. Takaiti Kobe uniwersitetiniň ykdysady fakultetini we Masusit döwlet dolandyryş we menejment institutyny tamamlady.
Talyp ýyllarynda rok-sazy bilen gyzyklanyp, hewi-metal toparynda kakylyp çalynýan saz guralyny çaldy we Kawasaki Z400GP motosiklini sürdi. Soňra syýasatda karýerasyna başlady. Heläkçilige uçrap, parlament mejlisini sypdyrmakdan gorkup, ol motosiklden ýüz öwürdi we ahyrynda Toyota Supra sport awtomobilini satyn aldy. Soňky ýigrimi ýylda işe şonuň bilen gatnady. Häzir bu ulag Nara şäheriniň muzeýinde goýuldy.
Takaitiniň syýasy karýerasy 1993-nji ýylda Wekiller palatasyna saýlanmakdan başlady. Şondan bäri dürli ýokary wezipeleri, şol sanda ministr wezipelerini eýeledi. 2025-nji ýylda Takaiti LDP-niň lideriniň saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, iň uly ýapon partiýasynyň ilkinji zenan başlygy boldy.
Täze premýer zähmetsöýerligi, konserwatiw garaýyşlary we milli howpsuzlyk meselelerine ünsi bilen tanalýar. Ol ABŞ bilen hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar we Özüňi goramak güýçleriniň güýçlendirilmegi ugrunda çykyş edýär. 


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......