Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar

  • 21.10.2025 16:08
  • 4.5k+

Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar.

Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri. Icon we Sport wersiýalary üçin bürünç we ýaşyl reňkler hem hödürlenýär.
Täze ulagyň salony öňki nesil bilen deňeşdirilende has rahat we ýokary tehnologiýaly boldy. Bu ýerde 12,9 dýuým ekranly mediaulgam oturdyldy, smartfon üçin simsiz zarýad beriş we birnäçe USB portlary bar. Interýerde ýumşak bezeg materiallary ulanyldy, ses izolýasiýasy kämilleşdirildi.
RAV4 markanyň Toyota Safety Sense 4 ulgamyna – işjeň howpsuzlyk toplumyna eýe bolan ilkinji awtomobili boldy. Mundan başga-da, krossower wideo kamerasy we smartfon arkaly birnäçe funksiýalary dolandyryş goldawy bilen üpjün edildi.
Ýewropada RAV4 iki gibrid güýç enjamy bilen hödürlenýär: 183 ýa-da 191 a.g. kuwwatly adaty gibrid (öňdäki/doly herekete getiriji) we 268 ýa-da 304 a.g. kuwwatly birikdirilýän gibrid (öňdäki/doly herekete getiriji). Birikdirilýän gibrid elektrikde 100 km çenli geçip bilýär, umumy menzil 1000 km-den geçýär.
Täze wersiýalar üçin bahalar şeýle:

  • RAV4 – 45 200 ýewrodan başlaýar;
  • Icon – 48 700 ýewrodan;
  • Premium – 52 200 ýewrodan;
  • GR Sport – 55 700 ýewrodan.

Satuwyň başynda ýörite aksiýa hödürlenýär, onuň kömegi bilen esasy wersiýany 42 800 ýewrodan satyn alyp bolýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......