“Mahabat” müdirligi «Meniň oýnum» atly täze multfilm çykardy

  • 21.10.2025 10:54
  • 3.3k+

Ýakynda “Mahabat” müdirligi Mämmetjanyň başdan geçirmeleri dogrusynda gürrüň berýän multfilmiň «Meniň oýnum» atly täze bölümini halk köpçüligine ýetirdi.

Multfilmi döretmek üçin döredijilik toparynyň eden yhlasy onuň täsirli sahnalarynda, gahrymanlaryň gyzykly gürrüňlerinde hem-de hereketlerinde, şeýle hem olaryň ýatda galyjy seslendirmelerinde has-da aýdyň görünýär.
Şunuň bilen baglylykda, “Mahabat” müdirligi animasiýa işlerine we ses bermäge höweslileri işe çagyrýar. Isleg bildirýänler şu salgy boýunça habarlaşyp bilerler.
Türkmen multfilm muşdaklaryny «Meniň oýnum» atly täze multfilme  BeletFilm onlaýn kinoteatry, «Körpeler» YouTube kanaly arkaly ýa-da 0530 gysga belgsine “872” san belgisini ýazyp ugratmak arkaly tomaşa edip bilersiňiz.



şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......