Alymlar irki Ýeriň seýrek galyndylaryny tapdylar. Tapyndynyň ýaşy 4,5 milliard ýyl

  • 20.10.2025 11:13
  • 5.3k+

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary takmynan 4,5 milliard ýyl ozal, ýaş Ýeriň düzümini üýtgeden ägirt uly çaknyşykdan öň emele gelen «proto-Ýeriň» adaty bolmadyk galyndylaryny tapdylar. Barlagyň netijeleri Nature Geosciences žurnalynda neşir edildi.

Ylmy topar Grenlandiýadan, Kanadadan we Gawaý adalaryndaky lawalardan alnan gadymy jynslary öwrenip, olarda mantiýanyň çuň gatlaklaryna degişli materiallaryň bardygyny anyklady. Nusgalarda kaliý izotoplarynyň adaty bolmadyk gatnaşygy, hususan-da, kaliý-40 ýetmezçiligi ýüze çykaryldy. Bu bolsa tapylan materialyň Marsyň ululygyndaky meteorit bilen çaknyşykdan soň Ýeriň galan böleginde ýiten käbir himiki düzümleri saklap galandygyny görkezýär.

«Biz ägirt uly çaknyşykdan öň bar bolan örän gadymy Ýeriň bir bölegini görýäris. Bu geň galdyryjy, sebäbi Ýeriň ewolýusiýasynyň dowamynda şeýle irki yzlar doly ýok bolandyr öýdülýärdi», — diýip, MIT-iň Ýer we planetalar ylymlary kafedrasynyň dosenti Nikol Ni belleýär.

Barlagyň netijeleri tapylan materiallaryň geologlara belli bolan meteoritlerden hem-de häzirki zaman dag jynslaryndan düýpli tapawutlanýandygyny görkezýär. Hünärmenleriň pikirine görä, bu tapyndy — planetamyzyň asyl materialynyň saklanyp galan galyndylarynyň ilkinji göni subutnamasydyr.

«Alymlar meteoritleriň dürli toparlaryny deňeşdirip, Ýeriň asyl himiki düzümine düşünmäge synanyşýardylar. Emma biziň barlagymyz bu sanawyň doly däldigini görkezýär — biz henizem planetamyzyň gelip çykyşynyň köp taraplaryny öwrenmeli» diýip, Ni belleýär:

Bu açyş alymlara Ýeriň we Gün ulgamynyň beýleki planetalarynyň emele gelmeginde rol oýnan irki materiallary bir ýere jemlemäge mümkinçilik berer.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......