Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin hytaý dili boýunça okuw kitaby neşir edildi

  • 19.10.2025 08:11
  • 4.3k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilen «Hytaý dili» diýen okuw kitaby çykaryldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Täze kitap M.Gelenowa tarapyndan taýýarlanyldy we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça neşir edildi.
Okuw kitabynyň mazmuny dersiň ýokary okuw mekdeplerde öwrenilişi boýunça okuw maksatnamasyna laýyklykda düzüldi. Talyplaryň sazlaşykly özleşdirmeklerini üpjün etmek üçin kitapda temalar yzygiderli berilýär, bölümleriň arasynda logiki arabaglanyşygy saklamak bilen ýönekeýden çylşyrymly maglumatlaryň düzümleýin berilmegi göz öňünde tutulypdyr.
Okuw kitapda hytaý diliniň aýratynlyklaryna düşünilmegini ösdürmäge we berkitmäge mümkinçilik berýän maglumatlar düşnükli dilde beýan edilipdir. Ýazuw we gepleşik diliniň sowatly düzülmegine, dil serişdeleriniň we geplemek başarnyklarynyň üstünde işlemäge, şeýle hem sözlemleriň gurluşyna, grammatika, leksika meselelerine hem-de hytaý dilindäki söz döreýiş ýörelgelerine aýratyn üns berilipdir. Kitapda hödürlenilýän amaly ýumuşlar öwrenilýän temany berkitmäge kömek eder.
Kitap hat ýazmak we gürleşmek başarnyklaryny kemala getirmek we ösdürmek, ýokary okuw mekdeplerde hytaý dilini öwrenýän talyplaryň dile erk etmek başarnyklaryny artdyrmak üçin möhüm we ygtybarly serişde bolup hyzmat eder.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......