Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 56 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar

  • 18.10.2025 23:18
  • 8.2k+

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde belläp geçdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 56 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar.
Nökerguly Atagulyýew bu giň gerimli akademiki alyş-çalyşygy amala aşyrmakda möhüm orun tutýan ýörite ýerleri üpjün edendigi üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Ýokary bilim ulgamyndan başga-da mekdep ulgamynda-da ýakyn hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Aşgabatda 1,8 müňden gowrak okuwçynyň bilim alýan Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi üstünlikli işleýär. Türkmenistanda rus dilinde bilim berilýän onlarça orta mekdep hereket edýär Rus dili ýurduň ähli umumybilim mekdepleriniň okuw maksatnamasyna hökmany ders hökmünde girýär.
Atagulyýew Astrahan oblastynda gurlan we türkmen dilinde sapak berilýän Magtymguly adyndaky orta mekdebi mysal getirip, Russiýanyň türkmen diline we medeniýetine goldaw bermek boýunça edýän ädimlerine ýokary baha berdi.
Wise-premýer Türkmenistan tarapyndan bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny hem nygtady.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......