Türkmenistanyň Prezidenti 2052-nji ýyla çenli ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasyny tassyklady

  • 18.10.2025 10:31
  • 8.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklaýan Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şeýle hem Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Bilim ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer
 B.Orazdurdyýewa degişli Kararyň taslamalaryny hödürledi.
Nygtalyşy ýaly, Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär.


düýn 23:39
1.2k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......