Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň altyn medaly gowşuryldy

  • 17.10.2025 12:30
  • 4.7k+

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler.

Dabarada çykyş eden Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Türkmenistanda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylan we häzirki wagtda-da ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýän bu giň gerimli taslamanyň dünýäde nusgalykdygyny belledi. Arkadag şäheriniň häzire çenli abraýly halkara baýraklaryň, güwänamalardyr şahadatnamalaryň onlarçasyna mynasyp bolmagy-da bu hakykaty aýdyň görkezýär.
Dabaranyň barşynda Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow kabul etdi.

Bu altyn medal Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy hem-de onuň birinji prezidenti bolan Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň hormatyna döredilip, ol oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär. Arkadag şäherine bu altyn medalyň gowşurylmagy şähergurluşyk ulgamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......