Hytaýda akylly aýna meýdanly dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi

  • 15.10.2025 14:57
  • 4.2k+

Hytaýda Gansu welaýatynyň Gobi çölünde ýerleşýän we China Three Gorges Corporation tarapyndan gurlan dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi, diýip SCMP habar berýär.

Toplumda takmynan 27 müň aýna ulanylýar. Olar 200 metr beýikdäki iki diňiň depesine gönükdirilip, 1 km aralykda ýerleşdirilen diňler bilen Gün şöhlesini toplaýar: gündogar diň irki şöhleleri, günbatar diň bolsa günortanyň şöhlelerini ýygnaýar. Gün arkaly 570°C-e çenli gyzdyrylan duz buga öwrülýär we turbinany herekete getirýär. Netijede, elektrik energiýasy öndürilýär.
Iki diňli ulgam adaty ýeke diňli stansiýalara garanyňda 25% netijeli. Şeýle hem, aýnalary öndürmek we gurmak üçin çykdajylary peseldýär. Stansiýa sebitiň Gün we ýel energiýasyny birleşdirýän arassa energiýa merkezi bilen utgaşydyrylyp, ýyllyk takmynan 500 000 hojalygy elektrik bilen üpjün etmäge ukyply.
Hytaýdaky Gün konsentratorlary esasan gijelerine ulanmak üçin bufer energiýa çeşmesi hökmünde döredildi. Häzirki wagtda ýurtda 21 stansiýa işläp, 1,57 GWt kuwwat berýär; gurlup ýören ýene 30 stansiýa jemi 3,1 GWt kuwwat goşar. Täze tehnologiýalar, şol sanda metamateriallar bilen şöhlelendiriji aýnalar, çykdajylary 60% çenli azaldyp, stansiýalary has elýeterli we netijeli edýär.


07.06.2026 20:08
4.6k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

04.06.2026 19:55
5.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....