Beýik Britaniýadan äpet we uzyn gulakly iki eşek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 15.10.2025 14:38
  • 15k+

Beýik Britaniýadaky Redkliff goraghanasyndan iki eşek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: biri dünýäde iň beýik eşek, beýlekisi iň uzyn gulakly eşek. Eşekler goraghananyň myhmanlarynyň söýgüsini gazanyp, bileje athanada wagtlaryny rahat geçirmegi halaýarlar.

Derrik amerikan mamont-jekstok tohumyndan bolan ägirt, toýnagyndan gerşine çenli 167 sm bolup, görnüşiniň ortaça beýiklikden 20 sm ýokarydyr. Onuň athanadaşy Bambu bolsa 35 sm uzyn gulaklara eýe. Eşekler bile dost bolup ýaşaýarlar we goraghanadaky ünsden hoşal bolýarlar.
Derrik boýuny ene-atasyndan miras aldy: miss Elli — 156,8 sm, Luis — 161,2 sm. Bambunyň uzyn gulaklary onuň giňişlikde ugruny tapmagyna, duýgularyny görkezmegine we yssy howada beden temperaturasyny sazlamagyna kömek edýär.

Redkliff goraghana, 1999-njy ýylda Treýsi we Stiw Garton tarapyndan döredilip, eşekler, atlar, gatyr we zebroid gibridlerine ideg edýär. Bu ýerde haýwanlara ýokary hilli iýmit, howpsuz ýaşaýyş şertleri we rahatlyk üpjün edilýär.


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....