Elektrokarlary heläkçilige uçrandon soň, Xiaomi-niň paýnamalary 9%-e golaý pese gaçdy

  • 14.10.2025 12:43
  • 3.1k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň paýnamalary SU7 elektromobili bilen bolup geçen ýol-ulag hadysasy baradaky habardan soň Gonkong biržasynda 8,7% arzanlady. Bu aprelden bäri paýnamalaryň iň uly pese gaçyşy boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Hytaý KHBS-iniň habar bermegine görä, heläkçilik irden Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çendu şäherinde bolup geçdi. Internetde peýda bolan wideoda awtomobiliň ot alandygy görünýär. Ötegçiler içindäki adamlara kömek etmek üçin gapylary açmaga synanyşdy. Deslapky maglumatlara görä, 31 ýaşly sürüji ulagdan çykyp bilmän heläk boldy.
Öň, aprelde şeýle hadysa Anhoý welaýatynda bolup geçdi. Şonda SU7 elektromobiliniň sürüjisi, takmynan, 120 km/sag tizlikde beton haýaty süsdi, netijede üç adam heläk boldy. Derňew heläkçilik wagty awtonom dolandyryş ulgamynyň işländigini, ýöne onuň nädogry hereket edendigini görkezdi. Şondan soň SU7 üçin täze sargytlar, takmynan, bir ýarym esse azaldy. 


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....