Ferrari ilkinji elektrokary barada maglumat berdi: 1000 a.g., 2,5 sekuntda 100 km/sag we gitaradaky ýaly ses

  • 12.10.2025 23:58
  • 4.6k+

Ferrari özüniň Elettrica kod atly ilkinji elektromobili barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär. Täze ulag umumy kuwwaty tas 1000 at güýjüne deň bolan dört elektrik hereketlendirijisine we 530 kilometrden gowrak ýol ätiýajy bilen 122 kWt/sag sygymly akkumulýatora eýe bolar.

Öňdäki hereketlendiriji 282 at güýjüni, yzky hereketlendirijiler bolsa 831 at güýjüni berýär. Boost režiminde umumy kuwwat 986 at güýjünden geçýär. Awtomobil 2,5 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, iň ýokary tizlik bolsa 310 km/sag ýetýär. Sürüjiler Range, Tour we Performance režimlerini saýlap biler. Torque Shift Engagement ulgamy bolsa kuwwaty we aýlanma güýjüni bäş derejede sazlamaga mümkinçilik berer.
Akkumulýator kuzowyň düýbüne oturdyldy, bu bolsa agyrlyk merkezini 80 mm peseldýär. Şassi we kuzow 75% gaýtadan işlenen alýuminden ýasaldy.
Elektrokarda ses hem aýratyn ünsi çekýär: Ferrari hereketlendiriji sesiniň sanly öýkünmesinden ýüz öwürdi. Munuň deregine ýörite datçik hereketlendirijileriň we beýleki elektrik komponentleriniň hakyky iş ýygylyklaryny we wibrasiýalaryny tutýar. Soňra bu sesler güýçlendirilip, daşyna çykarylýar – bu elektrik gitaradaky ýalydyr, onda ses guralyň özi däl-de, güýçlendiriji tarapyndan döredilýär.
Elettrica ulagynyň önümçiligi ýörite elektromobilleri we gibridleri çykarmak üçin gurlan Maranellodaky täze E-Building zawodynda ýola goýlar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......