Kolizeýde imperatorlaryň ulanan gizlin geçelgesi köpçülik üçin açyldy

  • 11.10.2025 17:51
  • 5k+

Kolizeýde Rim imperatorlarynyň ulanan gizlin ýerasty geçelgesiniň dikeldiş işleri tamamlandy. Indi ony syýahatçylar görüp biler diýip, Daily Mail ýazýar.

Geçelge I we II asyrlaryň aralygynda, amfiteatryň özi gurlandan birnäçe wagtdan soň gurlupdyr. Häzirki günde onuň uzynlygy 55 metre barabar, ýöne 2 müň ýyl ozal geçelge has uzyn bolupdyr – onuň bir bölegi lagym turbalary geçirilende ýumrulypdyr. Ylmy gözlegçiler ötük gönüden-göni imperatorlaryň oturýan ýerinden başlap, münberleriň aşagyndan geçip, arenanyň günorta çetine çykypdyr diýip hasaplaýar.
Kolizeýiň Arheologiki seýilgähiniň işgärleriniň pikiriçe, bu geçelge arkaly imperatorlar gladiator söweşlerinden soň köpçülige görünmezden arenadan gidip bilipdir. Şeýle-de, ötük amfiteatry Ludus Magnus söweşijiler mekdebi bilen birleşdiripdir diýlip çak edilýär. Bu ýerde imperator gladiatorlary çykyşlardan öň görüp bilipdir.
Geçelge XIX asyrda ýüze çykaryldy, ýöne diňe häzir, doly dikeldiş işlerinden soň taryhda ilkinji gezek oňa syýahatçylar baryp bilýär. Hünärmenler mermer diwarlary we poly dikeltdi, bezeg böleklerinde bolsa metal berkitmeleriň yzlary we mifologiki sahnalaryň suratlary saklanyp galypdyr. Girelgede awlary, aýy söweşlerini we akrobatik çykyşlary şekillendirýän freskalar görünýär. 


01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......