Himiýa boýunça Nobel baýragy “metal-organiki karkas gurluşlaryň döredilendigi” üçin berildi

  • 08.10.2025 16:25
  • 2.5k+

Şwesiýada himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi – olar Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar Ýagi boldy. Olara baýrak “metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandygy üçin” berildi diýlip, Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar. 

Karkas gurluşlar (käwagt olary koordinasion polimerler diýip atlandyrýarlar) kristallar bilen polimerleriň aralygyndaky bir zatdyr. Olaryň esasy aýratynlygy gurluşlaryň içinde mikroskopik boşluklaryň bolmagydyr. Bu boşluklara beýleki maddalaryň molekulalaryny ýerleşdirip bolýar. Karkas gurluşlaryň dürli görnüşleri dürli molekulalary baglanyşdyryp bilýär. Olaryň esasynda gazlary siňdirmek, derman molekulalaryny saklamak ýa-da daşky gurşawdan zäherli maddalary süzmek üçin materiallar döredilýär.
2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Dewid Beýker, Demis Hassabis we Jon Jamper boldy. AlphaFold2 programmasynyň döredijileri Hassabis we Jamper baýragy “belogyň üç ölçegli gurluşynyň öňünden kesgitlenendigi üçin”, Beýker bolsa “beloklaryň kompýuter dizaýny” üçin aldy.
Mundan öň fiziologiýa we lukmançylyk, şeýle-de fizika boýunça Nobel baýraklarynyň eýeleri belli boldy.
9-njy oktýabrda edebiýat, 10-njy oktýabrda bolsa parahatçylyk boýunça baýraklaryň eýeleri belli bolar. Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak 13-nji oktýabrda yglan ediler.
Her baýragyň pul sylagy 11 mln şwed kronyna (takmynan, 1,17 mln dollar) barabar. Ähli baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçiriler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....