Fizika boýunça Nobel baýragy kwant tehnologiýalary ulgamynda açyş üçin berildi

  • 07.10.2025 17:45
  • 3.8k+

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň fizika boýunça baýragynyň eýelerini yglan etdi – olar üç amerikaly alym Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis boldy. Olara baýrak “makro derejesinde kwant tunneliniň açyşy we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagyny görkezendigi üçin” berildi.

Komitet alymlaryň açyşynyň kwant kompýuterleriniň, kwant kriptografiýasynyň we täze nesil sensorlarynyň ösüşiniň esasyny goýandygyny belledi.

Geçen ýyl fizika boýunça baýrak neýroulgamlaryň kömegi bilen maşyn bilimini ösdürmäge mümkinçilik beren gözlegleri we oýlap tapyşlary üçin kompýuter ylymlary pudagynda amerikaly hünärmenler Jon Hopfilde we Jeffri Hintona berildi.

2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň ilkinji laureatlary 6-njy oktýabrda belli boldy: lukmançylyk we fiziologiýa boýunça baýragy “periferik immunologik tolerantlyk ugry boýunça gözlegler üçin” Meri Brankow, Şimon Sakaguçi we Fred Ramsdell aldy. Gyzykly ýeri, Ramsdellä henizem onuň laureat bolandygyny habar berip bilenoklar. Alymyň dosty we kärdeşi Jeffri Blýustoun AFP bilen söhbetdeşlikde alymyň “siwilizasiýadan uzakda gowy durmuşy ýaşaýandygyny” we Aýdaho ştaty boýunça syýahat edip, sanly enjamlardan “dynç alýandygyny” aýtdy.

Ýakyn günlerde beýleki laureatlar yglan ediler: 8-nji oktýabrda himiýa, 9-njy oktýabrda edebiýat, 10-njy oktýabrda parahatçylyk boýunça baýraklaryň eýeleri belli bolar. Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak 13-nji oktýabrda yglan ediler.

Her baýragyň pul sylagy 11 mln şwed kronyna (takmynan, 1,17 mln dollar) barabar. Ähli baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçiriler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....