«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň sentýabr aýyndaky sany çykdy

  • 07.10.2025 06:16
  • 1.1k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredijilik topary bu elektron neşiriň sentýabr aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Žurnalyň bu gezekki sany Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna beslenen aýyň dowamyndaky esasy wakalara bagyşlanýar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen döwlet sylaglaryna mynasyp bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň, üstümizdäki ýylda talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlaryň birnäçesiniň çykyşlary žurnalda getirilýär.
Neşiriň täze sanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri öz beýanyny tapýar. Sanly ulgamyň hukuk üpjünçiligi baradaky çykyş bar. Sanly dünýä baradaky söhbet indiki sahypalarda hem dowam etdirilýär. Neşirde ylym we tehnika täzelikleri hem paýlaşylypdyr.

Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň üstümizdäki ýylda ýeňijisi bolan ýaş alymlaryň birnäçesiniň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär.
Milli mirasyma ýüzlenmek neşiriň ilkinji sanlaryndan bäri dowam etdirilip gelinýär. Däp bolşy ýaly, neşirde ýaş döredijilik işgärleriniň täze şygyrlarynyň hem birnäçesini okap bilersiňiz.
Neşiriň ahyrky sahypalarynda bolsa aýlyk täleýnama, şeýle-de tagamly işdäaçaryň taýýarlanyş usullary barada maglumat berlipdir. Elektron neşiriň täze sany «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenilýär.


şu gün 16:30
393

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
620

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......