Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellenildi

  • 06.10.2025 10:59
  • 5.2k+

3-nji oktýabrda Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellendi. Dabara jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň, ilçihanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy diýip, guramada habar berdiler.

Dabaranyň açylyşynda çykyş eden “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmädowanyň bellemegi görä, 2022-njy ýylyň güýzünde döredilen guramanyň esasy maksady ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan we tebigaty goramak barada ilaty, esasanam, ýaşlary habarly etmekden, tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we dikeltmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakdan we olary höweslendirmekden ybarat bolup durýar.
Häzirki güne çenli “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy 35 sany daşky gurşaw çäresini, 73 sany okuw-seminarlary, 17 sany dürli bäsleşikleri, tebigat goraghanalara 7 gezek gezelençleri gurnady; şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 91 sany maglumat materiallary bilen çykyş etdi we ýurdumyzyň çäginde 30 müňe golaý bag nahallaryny oturtdy. Onuň 70 müňden gowrak agzasy bar.
Çäräniň dowamynda “Watan” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilen «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşige gatnaşanlar öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini hödürlediler. Bäsleşikde ýeňiji bolan  Bekgylyjow Mukama, Batyrjanowa Marala, Ataýewa Ogulgerege, Şyhberdiýew Röwşene hem-de Zakirjanowa Ogulgerege guramaçylar tarapynda ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle-de guramanyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli bu ýere gelenleriň arzuwlary ýazylyp, ýörite gutynyň içine salnyp, ýene 10 ýyldan açmak maksady bilen arça agajy bilen bilelikde ekildi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....