Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» zawodlarynda tejribelik geçdiler

  • 03.10.2025 11:01
  • 7.1k+

13–20-nji sentýabr aralygynda Türkmen oba hojalyk instituty bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Oba hojalygyny mehanizasiýasy» hünäriniň talyplary mugallymlary bilen bilelikde Germaniýada we Niderlandlarda ýokary derejeli önümçilik tejribesinden geçdiler. Tejribeligiň maksady dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikasy öndürijilerinden biri bolan John Deere kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşmak boldy.

Wekiliýet kompaniýanyň esasy kärhanalaryna we merkezlerine baryp gördi. Germaniýanyň Mangeým şäherinde talyplar John Deere zawodynda bolup, 6M we 6R seriýaly traktorlaryň doly önümçilik prosesini gözden geçirdiler. Olar ýygnama liniýalaryndaky ýokary awtomatizasiýa derejesine we robot tehnikalarynyň ulanylyşyna aýratyn üns berdiler. Şeýle-de wekiliýet Bruhzal şäherindäki traktor kabinalaryny öndürýän zawoda we ätiýaçlyk şaýlarynyň merkezi ammaryna bardylar.
Kaýzerslautern şäherindäki Ýewropa Tehnologiýalar we Täzelikler Merkezinde talyplar üçin okuw sapaklary guraldy. Tejribäniň amaly bölegi oba hojalyk işlerini meýilleşdirmek üçin Work Planner programma üpjünçiligini öwrenmegi hem-de döwrebap tehnikalaryň sanly dolandyryş usullaryny özleşdirmegi öz içine aldy.
Tejribelik Niderlandlaryň Horst şäherinde dowam etdi. Bu ýerde talyplar asma we özi ýöreýän pürküji tehnikalary öndürýän zawodda bolup, dökünleri takyk mukdarda pürkmegi üpjün edýän ExactApply ulgamy we otlary saýlap tanap pürkýän See and Spray innowasion ulgamlary bilen tanyşdylar.
Alnan tejribe talyplara döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge we geljekde oba hojalygynda peýdalanmaga uly kömek eder.


düýn 20:41
1.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......