Dubaýda 76-njy gatda panoramaly howuzly dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açylar

  • 28.09.2025 23:53
  • 12k+

2025-nji ýylyň noýabrynda Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy bolan Ciel Dubai Marina açylar. Boýy 377 metr bolan bina tutuşlygyna myhmanhana we geljegiň şäheriniň ýene bir nyşanyna öwrüler.

82 gatly myhmanhana Vignette от IHG kolleksiýasynyň bir bölegidir. Gökdirän binanyň esasy täsinligi dünýäniň iň beýik myhmanhanasy adyna dalaş edýän, 76-njy gatda ýerleşýän panoramaly howuzdyr.
Forbesiň bellemegine ýaly, bu myhmanhana Dubaýyň jahankeşdeleri we maýa goýumlaryny çekmek strategiýasyna girýär. 2024-nji ýylda emirligiň syýahatçylyk pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlary 2 milliard dollardan geçdi we şäher 18,7 million syýahatçyny garşy aldy, bu 2023-nji ýyldakydan 9 % köpdür. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda bu ýere gelýänleriň sany 9,88 milliona ýetdi.
Iňňe şekilli diň NORR Group tarapyndan taslamalaşdyryldy. Dizaýnda gidrodinamiki we aerodinamiki hasaplamalar ulanyldy. Myhmanhanada penjirelerinden Palma Jumeýra adasy we Pars aýlagy görünýän lýuks otaglary hem öz içine alýan 1004 otag bolar.
Myhmanlar üçin sekiz restoran, spa toplum, gije-gündiz işleýän fitnes merkez we hususy plýaž kluby göz öňünde tutulan.


05.06.2026 21:38
5.6k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.2k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......