Türkmen talyplary akademik alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa bardylar

  • 25.09.2025 14:29
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň üç talyby hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa döwletine gitdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Maksatnama Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen akademik alyş-çalşygy we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda guralýar.
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty aralygynda dowam etjek maksatnama inženerçilik, informatika, ynsanperwerlik we ösen tehnologiýalar ýaly ugurlary öz içine alýar.
Bu möhüm bilim başlangyjyň durmuşa geçirilmegi ylym-bilim ulgamynyň ösüşine hem-de halkara gatnaşyklaryň giňelmegine özboluşly goşant goşýar. Maksatnama gatnaşýan talyplar hünär taýýarlygyny kämilleşdirer, akademiki tejribesini artdyrar, dürli medeniýetleri öwrener hem-de öz ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler hökmünde taýýarlanar.
Şeýle-de, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanylmagyna, bilim, ylmy gözlegler we tehnologik ösüş ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykmagyna mümkinçilik döredýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......