Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde çykyş etdi

  • 25.09.2025 10:01
  • 11k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we maksatnamalaýyn çykyş etdi.

"Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejeli iri halkara foruma giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda öňe sürlen esasy teklipler:

  • Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.
  • Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.
  • Türkmenistan “Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi teklip eder.
  • Baş Assambleýanyň garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
  • 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe sürer.
  • BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
  • Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş eder.
  • Türkmenistan ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri-de dowam eder hem-de bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat ediner.
  • Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär.
  • 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumy geçirmegi teklip eder.
  • Medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi.
  • Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini aýdyp, ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.


düýn 16:43
1.6k+

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy raýatlaryň özara syýahatlaryny ýönekeýleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň......

düýn 15:59
628

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky wekiller iki ýurduň......

düýn 15:23
2.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar......

09.04.2026 23:46
2.2k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....