"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" ýapon multfilmi taryhda iň köp girdeji gazanan animasiýa boldy

  • 24.09.2025 14:13
  • 3.5k+

"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" («Истребитель демонов: Бесконечная крепость») atly ýapon animasiýa filmi dünýäniň kassa ýygynda 555 million dollar gazanyp, häzirki döwürde iň köp girdeji gazanan anime filmine öwrüldi. Bu barada Deadline neşiri ýazýar.

ABŞ-da film eýýäm yzygider ikinji hepde kassa ýygymynda birinji orny eýeläp, 104,7 million dollar girdeji getirdi. Halkara derejede bu film 450 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Şeýle hem, bu görkeziji “Ümmülmez galany” ähli döwüriň iň köp girdeji gazanan ýapon filmine öwürýär.
Film Koýoharu Gotogäniň mangasyna esaslanýar. Ýordum ýetginjek Tandziro Kamado hakda. Maşgalasy melgunlaryň elinden aradan çykýar, kiçi uýasy Nedzuko bolsa şolaryň birine öwrülýär. Ar almak we aýal doganyny halas etmek üçin gahryman Melgunlary ýok edijileriň korpusyna goşulýar. Tiz wagtdan ol wakanyň esasy garşydaşy – melgunlaryň ata-babasy we maşgalasynyň ganhory Mudzan Kibusudzi bilen gabatlaşýar.
Franşiza 2019-njy ýyldaky anime serial bilen başlandy. Soňra doly göwrümli iki çeper film surata düşürildi: "Ümmülmez” otly" (2020) we "Demirçiler obasy" (2023).


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....