“Türkmenfilm” Tikenjik bilen Mymyjyk multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady

  • 24.09.2025 12:38
  • 3.6k+

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Tikenjik bilen Mymyjygyň başdan geçirmeleriniň 3-4-nji bölümleriniň önümçiligine girişdi.

6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen bu multserilada Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirýän gyzykly wakalary beýan edilýär. Bu multserialyň “Gowy gün” atly seriasy Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 4-7-nji awgustynda Gazagystanda geçirilen Halkara Ülker animasiýa festiwalyna gatnaşdy. Bu hem türkmen multfilm önümçiliginiň halkara standartlara laýyk öndürilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Multserialyň birinji we ikinji bölümleri “Ýaşlyk” teleýaýlymy we «BeletFilm» onlaýn kinoteatrynda halk köpçüligin ýetirilip, uly gyzyklanma bilen iň köp görlen multfilmleriň arasyna girmegi başardy.

2D görnüşinde taýýarlanylýan «Tikenjik bilen Mymyjyk» atly multfilmiň gahrymanlary hemişe wagtlaryny bile geçirýärler. Olar gyzykly oýunlary agzybirlikde oýnaýarlar, ulularyň sözüne gulak asýarlar, biri-birini begendirmegi gowy görýärler, ýalňyşan ýerlerinde bolsa ötünç soramagy-da başarýarlar. Olaryň täsirli başdangeçirmelerine tomaşa etmek hemmeler üçin gyzykly.
Multserialyň birinji we ikinji bölümlerini «BeletFilm» onlaýn kinoteatrynda tomaşa edip bolýar. Şeýle hem 0530 gysga belgisine 871 ýazyp ugratmak arkaly göni internet salgysyny hem alyp bilersiňiz.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......