Tim Kuk iPhone-yň gymmatlamagyna gümrük paçlarynyň täsir etmändigini aýtdy

  • 23.09.2025 17:37
  • 4.2k+

Apple-iň baş direktory Tim Kuk täze iPhone modelleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň paç syýasaty bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.

Ol bu barada CNBC-den Jim Kramer bilen söhbetdeşlikde belledi.
Apple iPhone 17 Pro we 17 Pro Max üçin bahalary 100 dollar gymmatlatdy, ýöne arzan modelleriň bahasyny üýtgetmedi. Mundan başga-da, kompaniýa Plus-yň ornuny çalşan in inçe Air smartfonyny hödürledi.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bahalaryň ýokarlanmagyna garaşylýardy. Apple üpjünçilik zynjyryny üýtgedip, gümrük paçlarynyň täsirini azaltmaga synanyşdy. Indi Hindistandan we Wýetnamdan smartfonlar ABŞ-a getirilip başlandy. Ozal esasy önümçilik Hytaýdady.
Muňa garamazdan, Kuk ikinji çärýekde kompaniýanyň gümrük paçlary bilen baglanyşykly goşmaça çykdajylar sebäpli, takmynan, 800 mln dollar ýitirendigini belläp geçdi.
Mundan başga-da, Apple-iň ýolbaşçysy CNBC-niň emeli aňyň haýal ornaşdyrylmagy baradaky maglumatyna teswir berdi. Aslynda, kompaniýada Apple Intelligence tehnologiýalaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykdy, şol sebäpli ol bu ugurda bäsdeşlerinden yza galyp başlady diýlip hasaplanýar.

“Bizde EA smartfonlarda giňden ulanylýar, ýöne biz ony şeýle resmi atlandyrmaýarys” – diýip, Kuk düşündirdi.


düýn 12:03
8.1k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....