Shell elektromobillere 10 minutda zarýad berjek tehnologiýany oýlap tapdy

  • 18.09.2025 10:35
  • 1.4k+

Elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş tehnologiýalary dürli ugurlar boýunça ösýär. Kuwwatly zarýad beriş stansiýalaryndan başga-da, batareýany dolandyrmak ulgamlary uly ähmiýete eýe. Shell kompaniýasy RML Group bilen bilelikde göwrümi 34 kWt bolan synag batareýasyny 10 minutda 10%-den 80%-e çenli zarýad bermäge mümkinçilik berýän EV-Plus sowadyjy suwuklygyny işläp taýýarlady.

Bu tehnologiýanyň esasy aýratynlygy ýylylyk režimi arkaly netijeli dolandyryşdyr. Zarýad berlende batareýa gyzmaýar, bu bolsa öýjükleriň hyzmat ediş möhletini saklaýar. Sowuk şertlerde suwuklyk elementleri gyzdyryp, olara zarýady kabul etmäge we bermäge kömek edip biler.
Shell-iň hasaplamalaryna görä, elektrik awtoulagyna iň amatly aerodinamikaly we 10 km aralyga takmynan 1 kWt sarp edýän EV-Plus-ly batareýa oturdylsa, zarýad bermegiň bir minudynda 24 km-ä ýetjek güýç ätiýaçlygyny dolduryp bolar. Deňeşdirmek üçin, adaty elektrik awtoulaglary şol wagt aralygynda takmynan 5 km ýol geçýär. Şol bir wagtyň özünde has ýokary kuwwatly batareýalarda zarýad beriş wagty has uzak bolup biler, ýöne tehnologiýanyň özi elektrikli awtoulaglaryň işleýşini ep-esli aňsatlaşdyrar.
EV-Plus suwuklygy dielektrik häsiýetlere eýedir, ýagny elektrik toguny geçirmeýär we batareýa elementleri bilen howpsuz aragatnaşykda bolup biler. Shell önümi döretmekde kompaniýanyň transformator ýaglaryny öndürmekdäki tejribesiniň ulanylandygyny aýtdy.
EV-Plus-yň haçan ulanylyp başlanjakdygy aýdylmady, ýöne Shell-iň işiniň gerimini göz öňünde tutup, tehnologiýa dünýädäki awtoulag öndürijileri üçin gyzykly bolup biler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......