Hytaý alymlary ilkinji gezek dinozawr ýumurtgalarynyň takyk ýaşyny kesgitledi

  • 15.09.2025 09:54
  • 5.5k+

Hytaý alymlary ilkinji gezek ýurduň merkezi böleginde tapylan dinozawrlaryň ýumurtgalarynyň ýaşyny takyk kesgitlemegi başardy. Science XXI neşiriniň maglumatlaryna görä, täze çemeleşme hek döwrüniň klimatyny has çuň öwrenmäge mümkinçilik berer.

Ýaşy kesgitlemek üçin täze çemeleşme ulanyldy. Daş-töwerekdäki jynslaryň ýaşyny kesgitleýän adaty usullardan tapawutlylykda, ol ýumurtga gabyklarynyň öz ýaşyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Usul uran-gurşun senelemesi diýlip atlandyrylýar.
Netijeler bu ýumurtgalaryň ýaşynyň 85 mln ýyla (1,7 mln ýyl ýalňyşlyk bolup biler) barabardygyny görkezdi. Işiň awtorlarynyň biri Bi Çžao täze usuly “atom sagatlary” bilen deňeşdirdi. Ýumurtga gabyklarynda az mukdarda uran saklanýar. Wagtyň geçmegi bilen uran tebigy ýagdaýda dargap, gurşuna öwrülýär. Alymlar lazeriň kömegi bilen gabyk bölejiklerini bugardyp, uran bilen gurşun atomlarynyň gatnaşygyny ölçedi, bu hem has ýakyn maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.
Kesgitlenen ýaş ýumurtgalaryň giçki hek döwrüne degişlidigini görkezýär. Bu döwürde Ýerde dinozawrlaryň görnüşleriniň köpdürlüligine we olaryň köpelmek aýratynlyklaryna täsir edip bilen global sowama başlapdyr. 


şu gün 16:08
1.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

düýn 10:01
3.7k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....